Ýakynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýaş mugallymlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygynyň orunbasary çykyş etdiler.
Onda hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan täze eseri – «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň baý ähmiýeti dogrusynda, şeýle hem şahyryň şygyrlarynyň umumadamzat agzybirligini gazanmakdaky, milli Bitaraplyk derejämizi berkitmekdäki ähmiýeti barada söhbetler edildi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna badalga alan ýylymyzda ýaş nesilleriň döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, öňde durýan maksatlar dogrusynda hem söhbetdeşligiň barşynda täsirli gürrüňler edildi.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.