2025-nji ýyl özüniň döwrebap şygary bilen uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Döwlet we halkara derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler muny aýtmaga doly esas berýär. Şeýle çäreler Arkadag şäherinde hem giň gerime eýe bolýar.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirilen maslahat hem ýylyň şygaryndan ugur aldy. Maslahatda baý mazmuna eýe bolan çykyşlara giň orun berildi.
Olarda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň milli kanunçylygymyzy, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny hem-de umumadamzat ähmiýetli dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklarynyň sergisine hem aýlanyp gördüler.
Mekan AMANLYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygy.