ÝYLY DÖWREBAP ÖSÜŞLERE BESLEMEK UGRUNDA

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Arkadag» teleýaýlymynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de şu ýylyň 9-njy ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynda geçirilen bu maslahata Arkadag şäheriniň çäginde hereket edýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilmeli çäreler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

 

Mekan AMANLYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

«KITAP – GYMMATLY HAZYNA»

28 Ýanwar 2025 | 46 okalan

ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA