Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda talyp ýaşlaryň gyşky dynç alyş möwsümini manyly we göwnejaý geçirmeklerini gazanmak, olaryň wagtlaryny bisarpa tutmazlygyny ündemek, ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegini üpjün etmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Akademiýanyň professor mugallymlary täsirli çykyşlary etdiler. Şeýle hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan ägirt uly özgertmeleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.