ULY ÝEŇIŞLER DOGRUSYNDA

Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirilen bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden etrap Geňeşleriniň hem-de Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işgärleri gatnaşdylar.

Ýerine ýetirilen buýsançly çykyşlarda Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol sanda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.

Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýäde giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar