Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli ýaşlarda milli atçylyk sungatyna söýgini artdyrmak maksady bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary – ýurdumyzyň buýsanjy» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşligi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Söýenç Ahmedow alyp baryp, onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Umyda Kakaýewa, Halkara Atçylyk akademiýasynyň kitaphana bölüminiň müdiri Aýjemal Baýramowa hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy Bekgylyç Agaýew dagy çykyş etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli sirk sungatymyzy ösdürmekde döredilýän mümkinçilikler, şeýle hem ýaşlarymyzyň gazanýan guwandyryjy netijeleri dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.
Mämmedaly ORAZALIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň esasy hünärmeni.