Şeýle şygar bilen ýakynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze neşiriniň – «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eseriniň terbiýeçilik ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Arkadag şäheriniň bölüminiň ýolbaşçy düzümleri çykyş etdiler.
Täsirli çykyşlarda ýaşlary milli ruhly, syýasy düşünjeli nesiller hökmünde terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur zehininden, döwet galamyndan syzylyp çykýan eserleriniň ähmiýeti dogrusynda beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza sowgat beren «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eseriniň bolsa, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde, onuň dünýäsine akyl ýetirmekde, şahsyýetini ebedileşdirmekde gymmatly gollanmadygy dogrusynda buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredijilik äleminde mundan beýläk-de rowaçlyklaryň ýaran bolmagy, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.