ÜSTÜNLIKLER ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

Düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi mynasybetli «Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr Watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly şygar astynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahat duşuşygynda täsirli çykyşlar edildi. Olarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewleriniň çawy dünýä dolýar. «Galkynyş»  milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan bu gezekki ýeňişi bolsa, türkmeniň uçar ganaty saýylýan behişdi bedew atlara bolan hormat-sarpany has-da ýokarlandyrdy.

Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, halkara derejesinde şöhratyny artdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler maslahatyň dowamynda yzygiderli beýan edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 39 okalan

SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

27 Fewral 2025 | 42 okalan

DÖWLETLI IŞLER ROWAÇLANÝAR