MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Ýylymyzyň şygary – kalplarymyzyň owazy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmagyň indi asylly däbe öwrülendigini, Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, Bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin dünýä ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 1 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI