ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNDAN

Magtymgulynyň döredijiligine kakasy Döwletmämmet Azadynyň we Gündogaryň beýleki meşhur şahyrlarynyň çuňňur halk filosofiýasyna, ynsanperwer garaýyşlara we ýagty geljege bolan ynama ýugrulan eserleri täsirini ýetiripdir. Men «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarymda halk, Watan, döwlet ýaly düşünjeleriň mukaddesligi, olara hormat goýmagyň ähmiýeti, Magtymguly Pyragynyň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dowamatlylygy, onuň döredijiliginiň ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde, özygtyýarly Watanymyzyň geljekki ykbaly babatda ägirt uly jogapkärçiligini duýmaklaryny gazanmakda möhüm ähmiýetiniň bardygy barada belläp geçipdim.

Magtymguly Pyragynyň sözi türkmeniň sözi, türkmeniň paýhasy bolup dünýäde dabaralanýar. Daşary ýurtly edebiýatçylaryň bellemeklerine görä, türkmen akyldarynyň paýhasly pentleri häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerinden asudalyk, parahatçylyk bilen baş alyp çykmagyň ýollaryny salgy berýär. Bu pikiri şu ýylyň 18-nji maýynda söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahata gatnaşan alymlardyr taryhçylar-da tassykladylar. Ýer ýüzüniň çar künjeginden alymlary, döredijilik wekillerini ýygnan bu maslahat dürdäne şygyrlary bilen özüni giňden tanadan Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny çuňňur hem-de hemmetaraplaýyn öwrenmekde örän uly ähmiýete eýe boldy. Halkara foruma ýurdumyzyň ylmy intelligensiýasy bilen birlikde, birnäçe daşary ýurtlardan ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, ugurdaş hünärmenler gatnaşdylar. Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýolbaşçylarydyr wekilleri-de bar.

Magtymgulynyň halkymyzyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren beýik taglymatlary, manyly öwüt-ündewleri bu gün millionlarça adamyň aňynda hem-de ýüreginde ýaşaýar. Üç asyr bäri çeper döredijiligi bilen türkmen halkyny şöhratlandyryp gelýän şahyryň baý edebi mirasy ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýan ylham çeşmesidir. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir XVIII–XIX asyrlarda ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetiripdir. Magtymgulynyň eserlerini XVIII asyryň ortalarynda we ikinji ýarymynda Türkmenistanyň çäginde, goňşy ýurtlarda bolup geçen syýasy-ykdysady wakalary jikme-jik beýan edýän hronologik ensiklopediýa hem hasaplap bolar. Başda hem belleýşimiz ýaly, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmän, şol döwrüň sebitleýin we has giň halkara wakalaryna hemmetaraplaýyn düşünmek kyndyr.

Şu ýylyň iýul aýynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda saparda boldy. Ýokary derejeli saparyň dowamynda Baş sekretar bilen duşuşyk geçirip, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk we pikir alyşdyk. Şeýle gatnaşyklaryň hemişe netijeli, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýe bolandygyny bellemek isleýärin. Bu dialogyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi, ony durmuşa geçirmegiň görnüşleridir gurallary işlenip taýýarlanyldy hem-de kämilleşdirildi.

Meňzeş habarlar