GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN

Gadymy Yzgant obasyndaky mekdepden kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet ýoly başlanýar. Ol öz dünýä inen obasyndaky mekdepde soňky synplarda okan ýyllarynda kakasynyň hünärini dowam etdiripdir, 1950-nji ýyldan başlapmekdepde ilki kitaphanaçy, soňra başlangyç synp mugallymy bolup işläpdir.

Kakam 1952–1954-nji ýyllarda harby gullukda bolýar. Özbegistanyň Çyrçyk şäherindäki kiçi serkerdeleri taýýarlaýan mekdepde okap, 1954-nji ýylda kiçi leýtenant çini bilen Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ýerleşýän Dag atyjylyk harby bölüminde wzwod serkerdesi bolup gulluk edýär. Bu harby bölüm ýapylandan soň, ol Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky 13-nji mekdepde ýaşlara bedenterbiýe we harby taýýarlyk boýunça sapak berýär. Şondan bir ýyl geçenden soň, kakam komsomolyň (häzirki Ýaşlar guramasynyň) Gökdepe etrap geňeşinde mekdep okuwçylary bilen iş alyp barýan bölümiň müdiri wezipesinde işleýär. 1956-njy ýyldan Babarap obasyndaky mekdepde işleýär.

1958-nji ýylyň iýun aýyndan kakam Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuşynyň täze tapgyry başlanýar. Şu döwürden 1982-nji ýyla çenli ol Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Kakamyň ömür menzilleriniň her bir pursadyndan mert pederleriň gaýratyny görkezýän durmuş ýoly görünýär. Şuňa degişli maglumatlary gözden geçirenimde, olar maňa durmuşyň kynçylyklary bilen birlikde ýakymly günlerini, mundan many almaly pursatlaryny hem ýatladýar. Kakam 1959-njy ýylda Russiýanyň Rýazan şäherinde harby kämilleşdiriş okuwynda bolan günlerini ýatlap gürrüň bererdi. Adam gatnaşyklary, garaýyşlary babatda şol günleriň onuň durmuş tejribesini baýlaşdyrandygyny bilýärin. Meniň üçin kakam hiç zat diýmezden, hereketi, bakyşy bilenem köp zady öwredýän adamdy. Onuň islendik sowala hemişe göwnejaý jogap tapjakdygyna men ynanýardym. Ata mähribanlygynyň, öwütleriniň belli bahasynyň ýokdugy çirksiz hakykatdyr. Kakalar öz gylyk-häsiýetleri, durmuş ýörelgeleri bilen ogullaryna özbaşdak çözgüt tapmagy öwredýärler. Adama durmuşda iň zerur zatlaryň biri özüne ynanylmagydyr. Bu ata-ogul gatnaşyklarynda aýratyn mana eýe. Men köp ýerde kakamyň ynamyny ödejek bolup, durkum bilen pikirlere berilýärdim. Şonuň netijesi bolsa, hemişe-de anyk näme iş etmelidigini salgy berýärdi. Kakam öz hünäri boýunça hem, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygy taýdan hem ylym-bilimi ýetik adamdy. Ol Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk bölümini 1966-njy ýylda tamamlaýar. Onuň zandynda okumyşlyk bardy, hünärlere atygsap duran ýüregi ony, gör, nirelere atarypdyr! Ol 1968-nji ýylda Oržonikidze şäherindäki harby uçilişşäniň doly kursuny tamamlap, motoatyjylyk goşunlarynyň serkerdesi hünärine eýe bolýar. 1969-njy ýylda paýtagtymyzdaky Serkerdeler öýüniň Aşgabat garnizonynyň ýanyndaky ýörite okuw mekdebiniň umumy bölüminiň okuwyny geçýär. 1976-njy ýylda syýasy edaralaryň başlygy maksatnamasy boýunçaKiýewdäki ýokary mekdepde okap, hünärini ýokarlandyrýar.

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1655 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ