GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ATLY KITABYNDAN

Has irräk döwürde biziň maşgalamyzyň duz nesibesiniň Tejen derýasynyň boýuna, Babadaýhan töwereklerine çekendigi barada ozalky eserlerimde hem ýazypdym. Mekdep müdiri bolup işlän atam Berdimuhamet Annaýew şol ýerden hem fronta gidýär. Kakam ýaş hem bolsa, şol gazaply döwürde adamlaryň ruhuny götermek maksady bilen goşgy ýazypdyr. «Ýeňiş biziňki bolar» atly goşgyny ýazanda kakam ýaňy on iki ýaşly oglan ekeni. Soňra ol «Uruş bolmasyn», «Ýaşasyn», «Köp ekeliň dänäni» ýaly goşgularyny ýazýar. Şeýle hem ol «Aslymy yzlasam mertdir pederim», «Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär» ýaly goşgularyny döredýär. Şol goşgulary okanymda, olarda nähili uly watansöýüjiligiň, adamlara mähribanlygyň we söýginiň bardygyny duýýaryn. Ol iliň agysyna aglap, begenjine begenip bilýän adam bolandygy üçin, ýürekden sözlemegi, aýdan zadyny ýüreklere ýetirmegi başarardy.

Adamlarda hem şol häsiýetleri gowy görýärdi. Hawa, adatça: «Adamyň başyna düşen kynçylyklar ony gahrymana öwürýär» diýilýär. Meniň muny başgaça beýan edesim gelýär. Adam kynçylykly ýa-da ýeňil durmuş diýmän, nähili gün bolanda-da, özüniň adamkärçilik mertebesini saklamaly. Süýji durmuşda eljiremek ýa-da özüňi diňe ähli zat bilen üpjün durmuşa taýýarlamak we şeýle durmuşa endik etmek adamy emelsiz, juda gowşak edip goýýar. Adam hemişe özüni taplamaly. Hakyky adam üçin bu ýöne bir zerurlyk däl-de, gowulyga ganat berip göterýän isleg bolmalydyr. 1941–1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşy ýyllarynda durmuşyň agyr şatylaryna merdanalyk bilen döz gelip, ýaş başyna uly adam çykan, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, şeýdip merdanalyk ýoluny geçen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn. Haýsy ýerde, haýsy ýagdaýda, haýsy kärde bolsa-da, ol mydama mertlik, batyrlyk, edermenlik, adalatlylyk häsiýetlerini görkezdi.

Öňki makala

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 1588 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 500 okalan

TIKEN WE MÄHIR