AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

Aýaly bilen ertirlik edinen adamsy, işe gitmäge taýýarlanyp başlady. Açaryny almak üçin içerki otagdaky iş stolunyň ýanyna bardy. Birdenkä stoluň üstüni we telewizoryň ýüzüni çala örten çaň-tozana gözi düşdi. Ol açaryny öňki ýerinde goýdy-da, usullyk bilen otagdan çykdy we parahat äheňde aýalyna ýüzlendi: «Keýwany, iş stolumyň üstündäki açarlarymy alyp goýber» diýdi. Aýaly otaga girip, stoluň üstündäki açarlary almakçy bolanda, çaňlaryň ortasynda barmak bilen ýazylan: «Meniň ezizim» diýen ýazga gözi düşdi. Aýaly bu ýazgyny okady we açary alyp, otagdan çykmakçy bolanda, telewizoryň ýüzündäki «Ömrümiň hemrasyna söýgi bilen!» diýen ýazgyny hem gördi. Aýaly adamsyna açary gowşurdy we müýn gatyşykly ýylgyryş bilen ýoldaşynyň ýüzüne garady. Bu ýylgyryşda: «Öýüň arassaçylygy üçin mundan beýläk has çynlakaý alada ederin» diýen manyny okamak müşgil däldi. Adamsy ýazgysyna magat düşünendigine göz ýetirdi we ýylgyryşa ýylgyryş bilen jogap berdi. Ol ýanýoldaşynyň bärden gaýdýan käbir hereketlerine azgyryljak, gygyrjak, haýbat atjak ýa-da ýazgaryp, köteklejek bolmady. Her bir zada mylakatly we göwne degmezlik bilen çemeleşdi, garaşylýan netijäni hem aldy. Ähli ýagdaýda hem mylakatly, hoşgylaw bolmagy unutmaly däldir.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» atly kitabyndan.

Öňki makala

TIKEN WE MÄHIR

Meňzeş habarlar

21 Ýanwar 2025 | 3 okalan

AKYLLY ÝANÝOLDAŞ

20 Ýanwar 2025 | 104 okalan

TIKEN WE MÄHIR