Kirpileriň durmuşyny göz öňüne getirip görüň – endam-jany tiken bilen örtülen. Bir-birlerine golaýlaşdyklary ýitije uçlaryň sanjysy böwrüni awudýar. Bu tikenler diňe duşmanlaryny däl, eýsem, öz ýakynlaryny hem yzyna iterýär. Ýöne gyşyň aňzakly günlerinde sowuk howadan goranmak, ýylanmak üçin olar tikenleriň ynjysyna sabyr edip, bir-birine gysmyljyraşýarlar. Süňňi ýylandan soňra, uzaklaşýarlar we ýene-de tenlerini sowuk dalap başlanda, ýyly gujaklara mätäç bolup, öňki ýerlerine gelýärler. Olar tutuş gijäni şeýdip geçirýärler. Eger hemişe ýakyn boljak bolsalar, köpsanly ýara-agyrylara çydamaly bolýar. Hemişelik üzňelik bolsa, durmuşyňy sowadýar. Adamzat durmuşynda hem edil şunuň ýaly, käteler birek-biregiň gylyk-häsiýetini çekip-çydamzok, edil endam-janymyz tiken bilen örtülen ýaly, kimiň ýanyna barsak, ýa awunyp, hem awundyryp gaýdýarys. Ýöne ýüregi ýakynlyk, ruhy ýylylyk hemmämize zerur. Bir aýyby ýok hiç kim ýok. Köneler aýdypdyr ahyry «Aýypsyz dost gözleýän adam dostsuz galar. Birkemsiz ýanýoldaş gözleýän adam, müjerret öter, bagtsyz galar». Aýyby-nogsany bolmadyk ýoldaş isleýärmiň haýsy bir adamyň iň bolmanda bir aýyby ýok? Eger-de sen ýalňyşlyklara, sähel säwliklere çydamaýan bolsaň, ownuk büdremeleri uly sesiň bilen ýazgarýan bolsaň, ýekeje ýalňyşlygy hem gözden sypdyrman belläp alýan we tagnaly sözler bilen ýüzüne basýan bolsaň, onda sen köpçülik içinde ýeke-ýalňyz galarsyň. Öýüňde özüňi keseki ýaly duýarsyň. Onsoň, ýola çyksaňam, ýoldaş tapylmaz. Ýylylykdyr mähir isleýän bolsak, biz beýlekileriň wawwaly tikenlerine döz gelmäge endik etmelidiris. Mahal-mahal däl-de, hemişe özgeleriň sanjyly häsiýetlerine hem döz gelmegi başarsak, durmuşyň zowkuny, mazasyny, bagtyň mährini we tagamyny aýdyň duýup bileris
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» atly kitabyndan.