Bir adam hemişe: «Meniň Lukman Hekime işim düşmez» diýip öwünýärmişin.
– Halypam, ol adam öte gidýär. Heý-de, başy agyryp, baldyry syzlamaýan adam bolarmy?! – diýip, şägirtleri meşhur hekime gürrüň berýärler.
Lukman Hekim daşarynyň aňzakdygyna garamazdan, şägirtleriniň birine:
– Şol adamy bar-da, görüp gaýt! Ol häzir öýünde näme işleýär? – diýýär. Şägirdi baryp görse, ol adam öýünde ýyly ýerde köýnekçe, aýagy ýalaňaç, derläp çaý içip otyrmyşyn. Şägirdi gören zatlaryny gürrüň berýär. Lukman Hekim:
– Sen onuň atyny gazygyndan boşat! – diýýär. «Atyň boşanypdyr» diýilse, onuň hem öýünde kanagat edip oturmajagy belli. Ol adam şol durşuna ylgap daşary çykýar-da, atyny alyp gelýär. Lukman hekim soňky bolan ýagdaýy hem eşidýär-de, indi onuň näme edýändigi bilen gyzyklanyp, ýene şägirdini iberýär. Şägirdi seredip görse, ýaňky adam iki aýagyny ýyly suwa sokup, ojar oduna çoýunyp oturanmyşyn. Şulary eşiden ussat:
– Ol adam dogrusyny aýdypdyr – diýipdir.
Bedenini taplaýan adam oňa erk etmegi hem başarýar. Adamyň synasynyň sagatlygynyň onuň akylyna, bilimine baglylykda gazanylýandygyny alymlar ykrar edipdirler. Synaňy sagdyn saklamagyň usullary örän köp, her kim şol usullardan özüne geregini saýlap alýar ýa-da ol özüne laýyk usuly döredýär, ýagny bedene peýdaly bolmadyk täsirlere garşy göreşmek ukybyny özleşdirýär. Bu ylmy pikir il arasynda:
«Özüne ýaraýan zady her kimiň özi bilýär» diýlen has giň pikiriň çäginde beýan edilýär. Başyň aman bolsa, saglygyň gadyryny hiç bir zat bilen deňäp bolmaz.