Ýakynda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny bellediler. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ýokary derejä eýe bolmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň hem uly ähmiýetiniň bardygy dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Maslahatda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» geçirilmeli çäreler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Gülnara SARYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň işgäri.