KÖRPE WÄŞILER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim, medeniýet bölümleri bilen bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda körpeje nesilleriň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, etrabyň çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeleriň arasynda «Körpe wäşiler» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik 1 şertden ybarat bolup, zehinlije körpeler öz aralarynda dürli görnüşli degişmeleri, sahna oýunlaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. Bäsleşik boýunça 2-nji çagalar bagynyň körpejeleri 1-nji orna, 1-nji çagalar bagynyň körpejeleri 2-nji orna, 5-nji çagalar bagynyň körpejeleri bolsa, 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Alfiýa ŞEMMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI