Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 2115 harby bölümi bilen bilelikde gurnamagynda ýetip gelýän “Watan goragçylarynyň güni” mynasybetli serhetçileriň, ýaş esgerleriň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň gatnaşmagynda «Merdana ýigitler – Watanyň göz guwanjy» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, harby ulgamyň kuwwatyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen ýaşlarynyň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap
Geňeşiniň esasy hünärmeni.