DÖWREBAP ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY AÇYLYP ULANYLMAGA BERILDI

Watan goragçylarynyň gününiň bosagasynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde Balkan welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin Balkanabat şäheriniň 6-njy kiçi etrapçasynda ähli amatlyklary bolan 2 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýy açylyp ulanylmaga berildi. Munuň özi, şäheriň ilatynyň şatlygyny goşalandyran waka öwrüldi. Bu dabara şäheriň ýaşlary uly joşgun bilen gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler ähli amatlyklary bolan bu jaýlaryň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk harytlarynyň ulanylandygyny buýsanç bilen bellediler. «Alawly Türkmen» hususy kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary tarapyndan gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 49 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 45 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 34 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT