ROWAÇLYKLARA BESLENIP GELEN «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY»

Ýakynda 2025-nji ýylyň ajaýyp şygaryny dabaralandyrmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda ýaşlaryň, talyplaryň hem-de il sylagly ýaşululardyr kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýylyň nyşanynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen, giňişleýin wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Turuwbaşdan gyzykly häsiýete eýe bolan bu çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatynyň, «Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu duşuşyk çuň mazmunly çykyşlara baý bolup, oňa gatnaşan Gyzylarbat etrabynyň raýatlarynda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar täze taryhy döwürde döwletimiziň ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmäge, dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP

07 Iýul 2025 | 4 okalan

MAŞGALAM — BAŞ GALAM