Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler 2025-nji ýylyň milli we halkara derejede yglan edilen şygarlarynyň bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolmagynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny buýsanç bilen bellediler. Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Bileleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýar. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň barha ýokarlanýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.