Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan şäheriň 2-nji orta mekdebinde ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmek, saglyga zyýan ýetirýän önümleriň ýaramaz täsirlerini ýaşlara düşündirmek maksady bilen, okuwçylaryň arasynda «Sagdyn ýaşlar – Watanymyzy geljegi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tutumly işleriň amala aşyrylýandygy, zähmetsöýer halkymyzyň, şol sanda ýaş nesilleriň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri, Watana wepaly, ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda çykyşlar edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan ähli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň esasy hünärmeni.