Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli we ýylymyzyň nyşanyny mekdep okuwçylaryna düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 2025-nji ýylyň şygarynda Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly asylly maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy hem-de ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.