WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenbaşy etrabynyň harby-deňiz gornizonynyň mejlisler zalynda çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ýaş harby gullukçylaryň watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, şeýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerini we tertip-düzgüni berk berjaý etmek barada aýdylyp geçildi. Çykyş edenler ýurdumyzda harby gullukçylar üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän giň gerimli şert-mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň nurana geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Akmuhammet NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI