WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan şäheriň 5-nji orta mekdebinde 2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we ýylymyzyň adynyň manysyny mekdep okuwçylaryna düşündirmek maksady bilen, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň gazananlaryny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiz üçin mukaddes borçdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda aýdyldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Ýanwar 2025 | 34 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

29 Ýanwar 2025 | 31 okalan

WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI