ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNDAN

Halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda alymlara, şahyrlara uly orun degişlidir. Pars edebiýatynyň Firdöwsi, Rudaky, Saady, Omar Haýýam ýaly meşhur wekilleriniň Gündogaryň medeniýetini dünýä ýaýmakda hyzmatlary uludyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleriň biridir. Ol öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrdy, onuň döredijiligi bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Biziň däp-dessurlarymyzyň, dilimiziň şu günki günlere çenli ýetip gelmegi şeýle beýik şahsyýetleriň tagallalary bilen mümkin boldy. Halkara forumda bellenilişi ýaly, eger-de pars diliniň ösüşi Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine bagly bolsa, onda türkmen dili we edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna baglydyr. Magtymgulynyň miras galdyran eserlerinde ahlak, syýasy, durmuş, medeni meselelere ýüzlenilýär. Bu onuň dil baýlygyna we giň dünýägaraýşyna şaýatlyk edýär. Magtymguly öz şygyrlarynda adamlary agzybirlige, jebislige, parahatçylyk söýüjilige, ylalaşyklylyga çagyrypdyr hem-de agzalalygy, ahlaksyzlygy ýazgarypdyr.

Elbetde, Magtymguly Pyragynyň ömür ýoly, döredijiligi Eýran topragy bilen aýrylmaz baglydyr. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýranda hem köp sanly çäreler guraldy, şygyr diwanlary pars dilinde okyjylara ýetirildi. Indi birnäçe ýyldan bäri ýola goýlan asylly däbe görä, her ýyl ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlaryndan, edebiýatçy alymlaryndan, medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärlerinden, il sylagly ýaşululardan, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarat saparyna ugradylýar. Häzirki wagtda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Jergelan etrabynyň Gerkez obasynda Döwletmämmet Azadynyň Gaýyrguly atly oglunyň nesli hem ýaşaýar. Olara Magtymguly Pyragynyň kowumdaşlary hökmünde ýurdumyzda hem, Eýranda hem aýratyn gadyr-hormat goýulýar. Eýran Yslam Respublikasynyň «Es-Salah» ylmy-dini medresesiniň müdiri, il içinde Aba işan Muhammedi ady bilen tanalýan Mohammadi Nazarmohammad Adineh Gorban häzirki wagtda şol nesliň wekili hökmünde ýurdumyzda geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýar. Ol 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly, 2023‑nji ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Karary esasynda «Ynsanperwerligiň sarpasy» nyşany bilen sylaglanyldy.

Soňky ýyllarda biz goňşy döwletler bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýäris. Medeni diplomatiýa bolsa biziň gatnaşyklarymyzyň taryhy-ruhy esaslaryny has-da berkidýär. Türkmenistan bilen Pakistany hem özara hormat goýmaga esaslanýan, has gowy we parahat geljegi üpjün etmäge gönükdirilen dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Pakistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň paýtagtymyzdaky iri halkara foruma gatnaşmagy iki doganlyk ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary, sebitiň döwletleri bilen medeni, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny görkezdi.

Magtymgulynyň we Pakistanyň milli şahyry Allam Muhammad Ykbalyň sufizm garaýyşlarynyň meňzeşdigini edebiýatçylar nygtaýarlar. Magtymguly Pyragy diňe bir şahyr däl-de, eýsem, türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň hem nusgasydyr. Onuň XVIII asyrda ýazan şygyrlary häzirki wagtda hem öwrenilýär. Magtymguly çylşyrymly syýasy, durmuş ýagdaýlarynyň döwründe ýaşady we öz ömrüni türkmen halkynyň berkarar döwleti baradaky arzuwlara bagyş etdi. Forumdaky ara alyp maslahatlaşmalar Magtymguly Pyraga hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk üçin hem täze ugurlary açdy.

Meňzeş habarlar