Nuh pygamber aleýhyssalam Ýer ýüzüni günortadan-demirgazyga çenli üç bölek edipdir. Birinji bölegini garalaryň atasy bolan ogly Hama; ikinji bölegini araplaryň, parslaryň, rumylaryň, ymranylaryň atasy bolan ogly Sama; üçünji bölegini bolsa türkileriň atasy bolan ogly Ýafese beripdir. Ýafesi gündogara iberipdir. Türkiler we mongollar hem şeýle diýýärler. Emma türkiler Ýafese Abulja han diýýärler. Ýöne Abulja hanyň Nuhuň ogludygyny ýa-da agtyklaryndandygyny anyk bilmeýärler. Emma onuň Nuhuň neslindendigini we oňa ýakyn döwürde ýaşandygyny ykrar edýärler. Tamam mongollar, türki taýpalar we çarwalar onuň neslindendir. Ony şu görnüşde beýan edýärler: Abulja han çarwa we göçüp-gonup ýörerdi. Onuň ýaýlagy örän uly we beýik daglar bolan Or dag we Kür dag sebitlerindedi.
Ol sebitlerde Ynanç atly bir şäher bolup, onuň gyşlagy şol sebitlerdedi. Ýursun, Kakyýan, Garagum – oňa Garagurum hem diýýärler, Talas şäheri, Garry Saýram dagy ol ýerleriň golaýyndady. Garry Saýram gadymy we örän uly şäherdir diýýärler. Ony görenler: «Bir ujundan beýleki çetine çenli bir günlük ýol bolup, kyrk gapysy bar» diýýärler. Şeýle-de: «Bu döwürde musulman türkler onda ýaşaýarlar we olar Kaýduýa degişlidir» diýýärler. Olar Goýunçy ulusyna we onuň oglanlarynyň oturýan ýerlerine ýakyndyr. Abulja hanyň Diýb Takuý atly bir ogly bolup, onuň adynyň manysy «döwlet, uly, derejeli» ýaly manylary aňladyp, ol ähli kowumyň ulusy we başy diýmekdir. Abulja han ölenden soň, ony atasynyň ýerine han etdiler. Ol şan-şöhrat we patyşalyk esbaby birle atasyndan artykdy. Diýb Takuýyň Gara han, Or han, Gün han we Kür han atly dört ogly bardy. Ähli kowumlary we taýpalary bilen kapyrdylar. Diýb Takuý han ölenden soň, Gara han atasynyň ýerine han bolup tagta çykýar. Onuň bir ogly boldy. Üç gije-gündiz enesiniň emmesini almady we süýdüni emmedi. Enesi ol sebäpden aglap, ahy-nalalar çekerdi. Onda çaga: «Eý, meniň enem! Eger Taňra sygnyp, Taňryny söýüjilerden bolsaň, seniň süýdüňi emerin» diýdi. Enesi «Eger Taňra sygnyp, ony äşgär etsem, oglum bilen meni heläk ederler» diýip, kapyr ärinden we tutuş kowumdaşlaryndan gorkusyna gizlinlikde köňlünde Taňra iman getirdi we Ony bir bildi. Bütin yhlasy bilen Haktagalany söýdi. Ol oglanjyk enesini emmäge başlady. Bir ýaşa ýetdi. Ol örän päk we görklüdi. Kämillik we Hak ýolunyň alamatlary alnynda öwşün atýardy. Atasy onda beýle alamatlary görende: «Biziň urugymyzdan beýle görkli we beýle syratly ogul dünýä inmändi. Bu oglan özüniň deň-duşlarynyň we egindeşleriniň arasynda olardan uly we beýik bolar we kämillik mertebelerine ýeter» diýýärdi. Oňa at goýmak babatda kowumdaşlary bilen sözleşip, maslahat ederdi. Çaga bir ýaşanda dil açyp: «Meniň adyma Oguz goýuň!» diýip sözledi. Ol ýerdäkiler bu ahwala örän haýran galdylar. Onuň sözüne görä – oňa ýol görkeziji belent we gudratly Allatagalady – oňa Oguz diýip at goýdular. Ulalyp, kämillik ýaşyna ýetende, atasy Gara han öz doganlarynyň gyzlaryndan örän owadan we sahypjemal bolan Kür hanyň gyzyny oňa alyp berdi...