Dil bilmek — döwrüň talaby. Tutuş durkuňa aňyňa siňen ene diliňi özleşdirmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini öwrenmek seni kämillige getirýär.
Hoşniýetli gatnaşyklara we deňhukukly hyzmatdaşlyga esaslanýan oňyn daşary syýasatyň netijesinde döwletimizde ýaş nesle döwrebap derejede daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri üçin çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň, okuw merkezleriň sany artýar.
Dil halkyň kalbydyr. Onda, edil aýnada ýaly, halkyň ähli ruhy dünýäsi, baý taryhy, öňden gelýän umyt arzuwlary şöhlelenýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek bilen başga halkyň döredijiligini, ýokary ahlak duýgularynyň täsin dünýäsini açýarsyň.
Daşary ýurt dilini öwrenýän adamlar has ýiti we giňişleýin oýlanmak ukybyna eýedirler. Alymlar ýaşlykdan daşary ýurt dilini öwrenen adamlaryň eýýäm kämillik ýaşyna ýetenden soň has çuň we ýiti ýatkeşlige eýe bolýandyklaryny subut etdiler.
Öwrenmek üçin dil saýlanylanda ýürekden saýlanylmalydyr. Daşary ýurt dilini öwrenmek üçin ilki bilen öz ene diliňi has içgin bilmeli. Dili hökmany suratda ýazmak, okamak, diňlemek, geplemek, görüş, ýatda saklamak arkaly öwrenmeli hem-de daşyňdan gürlemeli we okamaly.
Dil medeniýeti umumadamzat medeniýetiniň hökmany hem-de aýrylmaz bölegidir. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dilleriniň öwredilmegi bolsa halkara gatnaşyklaryň netijeliligidir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesil baradaky atalyk aladalary netijesinde, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin ummasyz şertler döredilýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimize biz — ýaşlara daşary ýurt dillerini ezber ele almaga we dünýä medeniýetinden habarly bolmaga döredip berýän ägirt uly mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdýarys!
Gülşat TAGANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
21.12.2017ý.