Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler, şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň maslahatlary, goldawy we öwüt-ündewleri tutuş halkymyzy, şol sanda ýaşlary yhlas bilen zähmet çekmäge we bilim almaga ruhlandyrýar.
Milli Liderimiz tarapyndan ýaşlara uly üns berilmegi ýaş nesillerimizde başarnygy we erk-islegi terbiýelemäge, halkara derejesinde geçirilýän sport, bilim we döredijilik bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanmaga, durmuş ýolunda belent sepgitlere ýetmäge höwes döredýär. Olar Arkadag Prezidentimize özlerine berýän ünsi we aladasy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak üçin ähli güýçlerini we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty ýaşlaryň jemgyýete üstünlikli goşulyşmagyny we özlerini durmuşda netijeli ykrar etmeklerini üpjün edýän şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Häzirki eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň okamagy, ylym öwrenmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýaşlar syýasatynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zehinli ýaşlary özleriniň döwrebap, ilhalar işleri bilen Diýarymyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp derejede wasp edip, bu beýik işleriň öz döredijilikli we halal zähmeti bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak ugrundaky bäsleşik ýaşlarda hünäre söýgi döretmekde, olaryň zehin-ukyplaryny aýdyň ýüze çykarmakda uly ähmiýeti bolan özboluşly çäreleriň biridir. Bu hormatly baýragy almaga ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden dalaş eden ýaşlaryň arasyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşjak, geljekde dürli ugurlar boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişjek zehinli ýaşlaryň ençemesi ýüze çykdy.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň ähmiýetini dünýä ýaýmakda, bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, ýurdumyzyň abadançylygyny wasp etmekde türkmen ýaşlarynyň öňünde aýdyň wezipeler durýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň döredijilikli işlemegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Zehinli ýaşlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolan döredijilik bäsleşikleri, şol sanda Ýaşlar baýragyny almak boýunça yglan edilýän bäsleşik ýurdumyzda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna, olaryň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Ýaşlar baýragyny almak ugrunda geçirilýän çäreleriň barşynda ýaşlaryň öz ussatlygyny ýylsaýyn kämilleşdirýändigi görünýär, munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň döredijilik, ylym, bilim, zähmet ýolunda hemmetaraplaýyn ösmegi barada aýratyn alada edýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Hormatly döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň islendik welaýatyna iş sapary bilen baranda, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulmagy ýa-da açylyp ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly dabaralarda ýaşuly nesliň wekilleri bilen söhbetdeş bolanda ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň öwüt-ündewleriniň, paýhasly sözleriniň, durmuş tejribesiniň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş nesle döwlet derejesinde bildirilýän uly ynamyň özboluşly ýüze çykmasydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ylma, bilime yhlasly ýapyşýarlar, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, täze döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. «Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýär» diýýän Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Ol ynam bolsa ýaşlaryň kalbynda egsilmejek uly güýç bolup orun alandyr.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanyna toýlanýan baýram mynasybetli her ýyl öňdebaryjy, zehinli we aýratyn işjeňligi bilen tapawutlanýan zehinli ýaşlaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen ada mynasyp bolýar. Olar ylymda, bilimde, sportda, oba hojalygynda, tehnikada, sungatda, medeniýetde, döredijilikde üstünlik gazanan ýaşlardyr. Şu ýyl — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň dekabrynda hem öňdebaryjy ýaşlaryň 52-sini bu hormatly at bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik işlerini ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekde, agzybirligiň, halal zähmetiň, päk ahlagyň, kämil bilimiň, milli ruhy-medeni gymmatlyklaryň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň gadyr-gymmatyny düşündirmekde işeňňirlik görkezýän türkmen ýaşlaryna hemmeler guwanýar we buýsanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli ýaşlaryň bilim, ylym, sungat we sport ulgamlarynda sany barha artýar, jemgyýetde olaryň wajyplygy we ähmiýeti ýokarlanýar. Şu babatda Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen möhüm ädimleri ätmek bilen, beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär. Bu oňyn syýasatyň üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleriniň aýdyň netijesidigini görkezýär.
Ýurdumyzyň ýaşlar syýasatyny üstünlikli ösdürmek we ýaş nesil babatdaky taýsyz tagallalary, okuwda, işde, durmuşda berýän goldaw-kömegi, çäksiz aladalary üçin belent mertebeli Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Arkadag Prezidentimiziň ynamyny döredijilikli hem-de yhlasly zähmetimiz, okuwda we işde gazanýan üstünliklerimiz bilen ödejekdigimize, ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy, ylym-bilimimizi ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bagyş etjekdigimize ynandyrýarys.
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
09.12.2017ý.