HALALLYGYŇ ÝOLY BILEN

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly many-mazmuny baý wakalara beslenip, sagdyn durmuş ýörelgeleri biziň durmuşymyza bütin aýdyňlygy bilen nur saçdy. Mukaddeslige ýugrulan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti dünýä giňden gujagyny açmak bilen parahatçylygy gorap saklamakda, berk bedenli, sagdyn, watansöýüji nesilleri ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk işleri alyp barýar.

Ata-babalarymyzdan miras galan adyllyk, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly ýörelgeler giňden şöhlelenýär.

Hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ýaly başlangyçlary biziň durmuşymyzda uly orun tutýar. Her bir ynsanyň öz päk zähmetinden ruhlanyp, halal girdeji gazanmagynyň ýol-ýörelgeleri bizi halallyga çagyrýar.

Hakykatdan-da, ata-babalarymyzyň goýup giden baý taryhy-ruhy mirasymyza ser salsak, Watan mukaddeslikleri, edep-ekram, terbiýe, halal bilen haramyň aratapawudy, ene-ata hormat goýmak, perzentlik borçlary eriş-argaç bolup geçýär. Biziň pederlerimiz ýaşlarymyza ýaramaz endikleriň zyýanyny, haramlygyň gowulyk bilen gutarmaýandygyny ündäpdirler. Çilimkeşligi, neşekeşligi we beýleki zyýanly endikleri berk ýazgarypdyrlar.

Häzirki bagtyýar döwrümizde ýaşlara sagdynlyk, päk ahlaklylyk ýaraşýar. Ýurdumyzda halal işläp zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemra edinmäge ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Şeýle mümkinçiliklerden her birimiziň ýerlikli peýdalanmagymyz gerek.

Ine, şol aýdyň maksat bilen hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän adyllyk ýoly dogrusynda, ýurdumyzda, esasanam ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle wagyz-nesihat duşuşyklarynyň biri hem ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş alyp barmak baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde “Halal zähmet — bagtyýar durmuşyň kepilidir” ady bilen geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy halallyga, adyllyga, beýik maksatly işlere, eşretli günlere ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

05.12.2017ý.

Meňzeş habarlar

24 Iýun 2025 | 28 okalan

ÝAKYMLY TÄSIRLERI DÖRETDI

24 Iýun 2025 | 27 okalan

MEDENIÝETIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ BAÝRAMY

19 Iýun 2025 | 115 okalan

MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR