Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem milli Liderimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Şol sebäpden hem geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesle daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetini belledi. Hormatly Prezidentimiz dil babatdaky taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin artykmaçlykdygyny, onuň adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygyny, raýatlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin degişli konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň üstünde içgin işlemegiň, mugallymlaryň ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belläp, anyk wezipeleri öňde goýdy. Hut şunuň özi hem Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Bu ugurda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Şu ýerde türkmen ýaşlarynyň üç dili bilmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen türkmen ýaşlaryna nemes we ýapon dillerini öwretmeklik işine hem badalga berilendigi bellärliklidir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Çünki, Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň döwre mynasyp sowatly bolmaklaryny gazanmaklyga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary amala aşyrýar we bizden oňyn netijelere garaşýar.
Bilim ojaklarynda has takygy mekdep okuwçylarynyň dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanylyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy — geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Sebäbi, aýdyň geljek şu günüň ýaşlarynyň sowatlylygy bilen bagly. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biri. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, şeýle-de milli Liderimiziň ýokary ynamyndan ruhlanyp, alnyp barylýan dünýä dillerini öwrenmek işi özüniň iň naýbaşy taraplaryny ýüze çykarjakdygyna şübhe ýokdur.
Bu gün dünýä bize garaýar, türkmen ýoly dünýä çykýar. Türkmen ýaşlary eşretli eýýamyň gujagynda ýaşap, ýüregini buýsanja, dillerini joşguna besleýär. Bu günki günde baky Bitaraplygymyzyň we parahatsöýüjilikli syýasatymyzyň astynda dost-doganlyk dillerimizi hasam anyk öwrenip, ýaş nesilleriň dil taýýarlygyny pugtalandyrmakda yhlasly zähmet çekeris.
Daşary ýurt dilleri boýunça sowatlylygy ösdürmäge we hünärimizi kämilleşdirmäge döredip beren ummasyz mümkinçilikleri üçin, ýaş bilim işgäri hökmünde Dünýä içre ykrar edilen milli Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Aýlar ÝAZMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy,
ilkinji ýaşlar guramasynyň agzasy.
“Nesil” gazeti,
28.11.2017ý.