Ýakynda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda ýurdumyzyň degişli we pudak edaralary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, welaýat, etrap we şäher geňeşleriniň başlyklary, ýokary okuw mekdepleriniň Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň pudagara toparynyň maslahaty geçirildi.
Onda kabul edilen meýilnamada görkezilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly ýaşlarda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak hem-de döwrebap durmuşa ugrukdyrmak üçin mejlise gatnaşyjylar öz pikirlerini orta atyp, ýagny ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, belent ahlaklylyk, ynsanperwerlik, mertlik, gahrymanlyk ýörelgeleri hem-de edep-terbiýe, tertip düzgün baradaky alnyp barylýan işleri güýçlendirmek dogrusynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de, 2018-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işler barada hem durlup geçildi.
Hormatly Prezidentimiz adam hakdaky aladanyň döwletimiziň syýasatynda ileri tutulýan baş ugur hasaplaýar. Türkmenistanyň kämil ogul-gyzlary bolup ýetişmekleri üçin Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň ykbaly bilen hemişe gyzyklanyp durýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy röwşen geljege ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni
“Nesil” gazeti,
23.11.2017ý.