Ýazpolat KERIÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýarlyk ýolunda okgunly öňe barýan ata Watanymyz ýaşlaryň bähbidini ileri tutýan, ýaş nesliň göwnejaý ösüp ulalmagy babatda zerur şertleri döretmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde öňe sürýän hem-de şol wezipeleri amal etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýän ýurt hökmünde tutuş dünýäde tanalýar. Netijede ýaşlar syýasatynda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiziň bagtyýar eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň eşretli durmuşyny durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplaýar. Arkadag Prezidentimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaş nesil hakyndaky alada geljek üçin goýlan iň ygtybarly, oýlanyşykly hem-de asylly maýa goýumydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyzda, şol sanda Balkan welaýatynda köptaraply işler alnyp barylýar, sebitde nebitgaz pudagy, ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen günsaýyn ösýän we gözelleşýän halkara derejeli “Awaza” milli dynç alyş zolagy muňa mysal bolup durýar. Ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda amala aşyrylýan işler biz — ýaşlary çäksiz buýsandyrýar. Ýaşlar barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýüregimizden sagbolsun aýdýarys!
Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat geňeşiniň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi halkymyzyň ajaýyp şu gününi we röwşen geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň saýasynda ýaşlar baradaky alada hem öz mynasyp ornuny tapdy.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ösüşler agzybir we zähmetsöýer halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kämil ösmegine hem-de giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwrebap şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir.
Türkmenistan öz maksada okgunly ösüş ýoluny gurmak bilen, dünýäni öz üstünlikleri we beýik işleri bilen haýran galdyryp, halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýurdumyzyň senagaty, ýangyç-energetika toplumy we oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim we ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary uly üstünliklere beslendi. Soňky ýyllarda Mary welaýatynda gurlan döwrebap durmuş-medeni maksatly desgalar hem göwünleri galkyndyrýar.
Mähriban Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp, döredijilikli işlemäge döredýän oňyn şertlerinden peýdalanyp, Watanymyza wepaly ýaş nesli terbiýelemekde mundan beýläk-de netijeli işleri alyp barjakdygymyza ynandyrýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Ýazmämmet ATAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygy:
— Türkmenistan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar döwlet syýasatynyň baş maksady sagdyn, ylymly-bilimli we ruhy taýdan güýçli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.
Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde medeni mirasymyzyň uly ähmiýeti bar. 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de “Görogly” şadessanymyzyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm ähmiýetli wakalardyr. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň medeni mirasymyzy öwrenmekde, ony gorap saklamakda hem-de geljekki nesillerimize ýetirmekde alyp barýan döwletli işleriniň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, bu ugurda türkmenistanlylara, ozaly bilen ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Milli Liderimiz adam hakynda, onuň saglygy we abadançylygy hakynda aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hataryna çykardy. Paýtagtymyzda üstünlikli geçirilen «Aşgabat 2017” sport baýramçylygy hem ýaşlary sporta çekmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletimizde sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge, halkymyzy, aýratyn hem, ýaşlary sporta işjeň çekmäge uly üns berýän Arkadag Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Arslangeldi GYŞYKOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat geňeşiniň başlygy:
— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri — bu belent maksatlaryň we giň gerimli meýilnamalaryň, ylham-joşgunyň we anyk işleriň, döredijilik pikiriniň hem-de täze beýik başlangyçlaryň milli we dünýä tejribesiniň hem-de döwrebap çemeleşmeleriň, aýgytly, parasatly çözgütleriň we işjeň innowasion ösüşiň döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň gazanýan üstünliklerimiz öňe, ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap okgunly hereket etmek üçin şert bolup durýar.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmagyň, halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň abadançylygyny artdyrmagyň bähbidine milli bilim we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.
Muhammet JUMANIÝAZOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat geňeşiniň başlygy:
— Ýaşlar ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalaryny her ädimde duýup ýaşaýarlar. Mähriban Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen ýaşlarynyň ylymda, bilimde, zähmetde, sungatda, sportda ýetýän sepgitlerine bütinhalk guwanýar. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbi gününi sanap gözelleşýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Lebap welaýaty hem görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Ösüşleriň ýol alýan ýurdy hemişe bagtlydyr, döwletlidir. Ýaşlar öz iline döwletliligi bagyşlaýan Gahryman Arkadagymyza buýsanýarlar we guwanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri halkymyzyň asuda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ýaş nesilleriň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin oňyn şertleri döretdi. Häzirki döwürde desgalaryň ýüzlerçesiniň gurluşygy güýçli depginlerde dowam edýär. Müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Bilim özgertmeleri üstünlikli geçirilip, täze okuw edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Lebap welaýatynda täze döwrebap bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň açylmagy bagtyýar nesilleriň röwşen geljeginiň hatyrasyna amala aşyrylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzyň abadançylygy, nesilleriň bagtyýarlygy barada alada edýän Arkadag Prezidentimize alkyşmyz çäksizdir.
“Nesil” gazeti,
21.11.2017ý.