ÝAŞLAR ARKADAGYŇ AK ÝOLY BILEN!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaş nesilleriň hakyky galkynýan, olaryň netijeli ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýän döwrüdir. Sebäbi ýaşlar türkmen döwletiniň geljegidir, türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Hut şonuň üçin hem Arkadag Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşymyzdaky ornuna örän uly ähmiýet berilýär. Olaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy üçin ähli zerur şertleri döretmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, 16-njy noýabr ýaşlaryň bu jemgyýetçilik guramasynyň döredilen günüdir. Bu sene mynasybetli Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan çäreler uly ruhubelentlige beslendi, bagtyýar ýaşlyk üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna aýdylan hoşallyk we buýsanç sözleri bilen utgaşdy.

Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Soňky ýyllarda ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim aldy. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl Ahal welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ýurdumyzda 2018 — 2024-nji ýyllarda bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Bu bilim özgertmeleri hojalygy ýöretmegiň döwlete dahylsyz we garyşyk pudagynyň binýadynda orta hem-de ýokary hünär okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen birlikde, tölegli bilim almak ulgamy hem ösdüriler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti gurmakdan, ylymlary, bilimleri we ýokary tehnologiýalary ileri tutmakdan, ýurdumyzy ösdürmegiň innowasion görnüşini, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Gurulýan bilim we mekdebe çenli edaralaryň ählisiniň taslamalarynda döwrebap sport zallary we beýlekiler hökman göz öňünde tutulýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenar ýakasyndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem göwnejaý dynç almak üçin oňaýly şertler döredildi. Sagdyn we ylym-bilimli nesli kemala getirmek maksady bilen, täze gurluşyklaryň hasabyna durmuş-medeni desgalaryň ulgamyny giňeltmek boýunça çäreler ýakyn ýyllarda hem durmuşa geçiriler.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde döwrebap senagat kärhanalary gurulýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösdürilmegi döwrebap hünärleri ele alýan hünärmenleriň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanylýan hünärmenleriň hem-de kabul edilýän talyplaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap zähmet şertleri döredilýär. Ýeri gelende aýtsak, zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin şertleri döretmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek 2018-nji ýyl üçin niýetlenen Döwlet býujetinde uly orny eýelär.

Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kabul edilen ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda berkarar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin zerur bolan şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Ýaşlar berkarar döwletimiziň bagtly geljegidir. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr.

Eziz Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzda, aýratyn hem biz — ýaşlarda uly buýsanç döredýär. Gurulýan döwrebap durmuş-ykdysady desgalar ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň, biliminiň, ýaşaýşynyň derejesini ýokarlandyrmakda hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

21.11.2017ý.

Meňzeş habarlar