DIL BILMEK — DÖWRÜŇ TALABY

«Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry dowam edýär.

Biziň ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olara giň mümkinçilikleri döretmek işlerine islendik ulgamyň geljekki ösüşleriniň kepili hökmünde garalýar. Şonuň üçinem hut şu ugurda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda dürli görnüşli ylmy, döredijilik we sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Olaryň has öňdebaryjylary sylaglanýar, höweslendirilýär.

«Dil — dünýäniň açary» diýen aýtgy biziň häzirki günlerimizde has giň mana eýe bolýar. Ylmyň we tehnologiýanyň güýçli depginde ösýän döwründe dünýä bilen aragatnaşykda bolmazlyk asla mümkin däl. Dünýä bilen aragatnaşykda bolmak we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek, özleşdirmek üçin bolsa, hökmany suratda dil bilmeli. Ýaşlaryň dünýä dillerini kämil derejede öwrenmegi üçin hem döredilýän mümkinçilikler diýseň ýokary. Daşary ýurt dillerini öwretmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy, dilleri öwredýän okuw kitaplarynyň we goşmaça gollanmalaryň wagtly-wagtynda çap edilip, mekdeplere, ýokary okuw jaýlaryna ýaýradylmagy, olaryň kämilleşdirilmegi we üstüniň ýetirilmegi, dil merkezleriniň we gurnaklaryň köpelmegi we beýleki birnäçe işler şeýle mümkinçilikleriň aýdyň mysalydyr. Dil bilmek zerurlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde her ýylda daşary ýurt dillerini bilýän, öňdebaryjy tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem şu günler ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda dowam edýän «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşikdir. Bäsleşik düzgünnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 4 tapgyrdan ybarat bolup, häzirki wagtda meýilnama laýyklykda onuň ilkinji tapgyry guramaçylykly ýagdaýda dowam edýär. Bäsleşikde oňa gatnaşýan mekdep okuwçylary 3 şert boýunça öz zehinlerini synap görýärler. Ilkinji şert boýunça okuwçylar iňlis dilinde «Meniň Watanym» atly temadan ýurdumyzy wasp edýän goşgyny ýa-da aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmeli. Bu şert olaryň dogry geplemegine we sahna endiklerini açyp görkezmegine ýardam edýär. Ikinji şertde okuwçylar «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň» ýyly bilen bagly temadan iňlis dilinde öz taýýarlan wideoroligini görkezmeli boldular. Bu olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryndan näderejede baş çykaryp bilýänligini, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmagyna mümkinçilik berýär. Ahyrky şertde bolsa olar bije çekmek arkaly eminler topary tarapyndan taýýarlanan sözleri türkmençeden iňlisçä ýa-da iňlisçeden türkmençä terjime edýärler. Bu bolsa, olaryň terjimeçilik işinden näderejede baş çykarýanlygyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

TMÝG-niň Arçabil etrap geňeşiniň «Bagtyýar nesiller» ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçiren «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Gyzykly hem çekeleşikli geçen bäsleşikde 1-2-nji orna mynasyp bolan okuwçylar şäher hem-de welaýat tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşan bilesigeliji ýaşlar okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Okuwçylaryň uly gyzyklanma bilen gatnaşýan bu bäsleşigi TMÝG-niň Abadan, Berkararlyk etrap geňeşleri tarapyndan hem ýokary guramaçylykly geçirildi. Oňa zehinli okuwçylaryň onlarçasy höwes bilen gatnaşdylar.

Gurbannazar ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

16.11.2017ý.

 

Meňzeş habarlar