Milli Liderimiziň örän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, täzeçil pikirlere daýanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, bimöçber aladalary, şeýle hem ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryny ulanmak arkaly milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini çaltlandyrmak, ylym bilen önümçiligi sazlaşykly ösdürmek öňe sürýän ylmy başlangyçlary netijesinde, Berkarar döwletimiziň beýik geljeginiň hatyrasyna yhlasly, tutanýerli we döredijilikli zähmet çekmek, kompýuterlere we öňdebaryjy tehnologiýalara ussatlyk bilen erk etmek, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine we endiklerine eýermek bagtyýar ýaşlarymyzyň durmuş ýörelgesine öwrüldi.
“Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelerine laýyklykda, şeýle hem 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar maslahatynda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini, ylym we bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek we onuň işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Ýaş alymlar merkezini döretmeklik wezipe edilip goýuldy.
Şonuň esasynda, 2016-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol maslahatyň yzysüre, 2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Alym Prezidentimiz Ýaş alymlaryň merkezini döretmek, onuň işini degişli derejede guramak boýunça anyk tabşyryklar berdi. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy, ýolbaşçy düzümleri saýlanyldy. Bu bolsa, döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýolundaky örän möhüm waka öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň 2017-nji ýylyň Ylymlar gününde Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda Ýaş alymlar merkezi barada: “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň garamagynda Ýaş alymlaryň merkeziniň döredilmegine biz ylmy döwrebaplaşdyrmagyň, ylym, tehnika we tehnologiýalar babatda zehinli ýaşlarymyzy goldamagyň hem-de höweslendirmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde ýokary baha berýäris” diýip bellemegi ylma ilkinji gadam basýan ýaşlarymyzy uly açyşlara ruhlandyrýar. Çünki taryha ebedilik girip, adamzat durmuşynda ähmiýetli yz galdyran uly açyşlaryň we oýlap tapyşlaryň köpüsi ýaş alymlar tarapyndan ýerine ýetirildi.
Ýaş alymlar merkeziniň esasy maksatlary — Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde goýan wezipelerinden ugur alyp, zehinli, ylma höwesli ýaşlaryň döredijiligini ösdürmekden, olarda ylmy garaýyşlary kemala getirmekden, tejribeli alymlaryň, oýlap tapyjylaryň ýolbaşçylygynda düýpli we amaly ylmy işleri ýerine ýetirmekden, ylmy barlaglaryň esasynda bäsleşige ukyply önümleri döretmekden, ylmy açyşlary, ylmy-inženerçilik pikirleri, ylmy barlaglaryň netijelerini Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirip, ýurdumyzyň innowasion ösüşini çaltlandyrmaga ýardam bermekden, ylym we tehnika babatda daşary ýurt ýaşlary bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden, şonuň bilen hem ylym, bilim, medeni-köpçülik işleri utgaşdyryp alyp barmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam bermekden ybaratdyr.
Ýaşlaryň ylma bolan bähbitleriniň kanagatlandyrmasynyň mekdebine öwrüljek bu merkez ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ylmy işgärleri we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlaryň ylmy birleşmeleriniň ösüşine ýardam bermekde we özara gatnaşyklaryny işjeň utgaşdyrmakda jemgyýetçilik başlangyjy esasynda hereket edýär.
2013-nji ýylda kabul edilen Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynda ýaş alym diýip ylmy iş bilen hünär taýdan meşgullanýan ýaş raýatlara aýdylýandygy barada bellenilýär. Kanunda ylym we innowasiýalar çygrynda ýaş alymlara döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, olaryň ugurlary barada aýdylýar. Hut şu kanuna eýerýän Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn ylmy edaralarda we ylmy-barlag institutlarynda Ýaş alymlar geňeşleriniň 46-sy döredilip, olar bu merkeze etjek işleriniň meýilnamasyny hödürlediler. Olaryň esasynda ylmy işleriň dürli ugurlary boýunça maglumatlar binýady döredildi.
Ýaş alymlaryň merkeziniň işiniň başlangyç tapgyrynda ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň maddy-tehniki binýady barlanyldy, onuň netijesinde ylmy barlaglar üçin zerur ölçeg gurallarynyň, synag enjamlarynyň, multimedia we beýleki tehnologiýalaryň maksatlaýyn gurluş sanawy düzüldi.
Merkeziň öňünde duran wajyp wezipeleriň biri — ylmy işleri önümçilige ornaşdyrmak ýa-da olardan peýda görmekdir. Şu maksat bilen, üstümizdäki ýylda bellenilip geçilen Ylymlar güni mynasybetli ýörite düzgünnamasy esasynda “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ýaş alymlaryň ylmy we taslama işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Onda hakyky senagat nusgalary esasy eksponatlar boldy. «Innowasiýalar ýarmarkasyna» dürli pudaklaýyn gurluşlaryň wekilleri uly höwes bilen gatnaşdylar. Ylym bilen önümçiligiň ýakyn hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar anyklaşdyryldy.
Şeýle hem, Ýaş alymlar merkeziniň “Ýaş alymlaryň ylmy gadamlary” atly ylmy makalalaryň ýygyndysy ýurdumyzyň ylym bilen meşgullanýan ýaşlarynyň alyp barýan ylmy we taslama işlerini beýan edýän kitap bolup, ilkinji gezek ýurdumyzda hereket edýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň ýardamy esasynda çap edildi. Bu bolsa, ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary we ylmy pikirleri bilen ýurdumyzyň telekeçileriniň içgin gyzyklanýandyklaryny görkezýär. Elbetde, bu işleriň ählisini talabalaýyk ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýardamy örän uludyr.
Bu Ýaş alymlar merkeziniň Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döredilmeginiň özi watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly ýaşlarymyzyň häzirki zaman ylymlaryny we tehnologiýalaryny özleşdirmekleri üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Belent tutumlary bilen öz mähriban halkyny bagtly gelejege tarap alyp barýan mähriban Prezidentimiz ýaş alymlara ýüzlenip: “Ýaş alymlar üçin bäsleşige ukyply ylmy barlaglary geçirmekden, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny has-da berkitmekden, eziz Diýarymyz Türkmenistany dünýäde kuwwatly döwletleriň birine öwürmekden uly bagt ýokdur!” diýip belleýär. Ýurdumyzyň ähli ýaş alymlaryna şeýle elýetmez bagtyň eýesi bolmaklaryny arzuw edýärin! Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaç alsyn!
Göwher GELENOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň ylmy işgäri, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Ýaş alymlar merkeziniň kätibi.
“Nesil” gazeti,
14.11.2017ý.