IŞJEŇLER ÖŇE SAÝLANDY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanmasyndan ruhlanýan ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kuwwatly döwletimiziň barha kämilleşýän ajaýyp zamanasynda türkmen ýaşlary ösüşiň ähli ugurlary boýunça arzyly sepgitlere, üstünlikli menzillere ýetýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly wezipelerini, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça täsirli çäreleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy üstünlikli amala aşyrýar.

Ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşigi hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlar guramasynyň wezipesi syýasy taýdan sowatly, raýat garaýşy bolan, öz jogapkärçiligini duýýan ýaş raýatlary, täzeçe pikirlenýän, ýaramaz endikleri bolmadyk, diňe öz bähbitlerini aramaýan, durmuşa diňe sarp ediji hökmünde garamaýan, zähmetsöýer we geljege uly ynamy bolan, beden we ruhy taýdan sagdyn, hakyky watançylary terbiýelemekdir!” diýen sözlerinden ugur alyp asylly maksatlara ýetmekde oňyn işleri amala aşyrýar.

Ýakynda, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaşlar guramasynyň ýerlerdäki geňeşleriniň, ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, müdiriýet agzalarynyň we hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisde guramanyň alyp barýan syýasy-jemgyýetçilik işleri dogrusynda çykyşlar diňlenildi, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi üstünlikli dowam etmek boýunça guramaçylyk meselelerine garaldy. Şeýle-de ýakynda geçiriljek şanly senelere we baýramçylyk günlerine hem-de ýurdumyzda zähmetde we döredijilikde tapawutlanan ýaşlara her ýylda berilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabatlar diňlenildi.

Çykyşlardan görnüşi ýaly, ýaşlar guramalary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolup, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatyny durmuşa geçirmekde dürli jemgyýetçilik işlerini alyp barýar. Ýurdumyzyň ýaşlar guramalary dürli mazmunly wagyz-nesihat çäreleriniň, baýramçylyk şowhunlarynyň we mahabat işleriniň üsti bilen ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge hem-de syýasy sowatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen işleri amala aşyrýar.

Mejlisiň ahyrynda aýdyň maksatly we asylly işleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň durmuşynda ähmiýetli jemgyýetçilik işlerini alyp barmaga çalyşýan guramanyň öňdebaryjylaryny sylaglamak we has netijeli işlere ruhlandyrmak maksady bilen Ýaşlar guramasynyň birnäçe işjeň işgärleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Olaryň arasynda iň gowy ýaşlar guramalary hökmünde Aşgabat şäheriniň Köpetdag, Arçabil etrap geňeşleri, Ahal welaýatynyň Baharly, Sarahs etrap geňeşleri, Balkan welaýatynyň Serdar şäher, Magtymguly etrap geňeşleri, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrap, Daşoguz şäher geňeşleri, Lebap welaýatynyň Farap etrap, Seýdi şäher geňeşleri hem-de Mary welaýaty boýunça Ýolöten etrap, Mary şäher geňeşleriniň atlary buýsanç bilen tutuldy.

Mejlisiň ahyrynda kalplary buýsançly, işjeň zähmet çekmäge hyjuwly ýaşlar şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza özleriniň çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

“Nesil” gazeti,

14.11.2017ý.

Meňzeş habarlar