Ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi!

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan beýik ösüşleri bilen halkara bileleşiginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. Ýurdumyzyň senagaty, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim we ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlary uly üstünliklere beslendi. Ýaşlar milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini iňňän bagtly duýýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradadöwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynda” ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýurduň ösüşi we döredijiligiň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini üpjün etmäge gönükdirilen bu möhüm resminama jemgyýetiň ösüşini şertlendirýär. Has anyk aýtsak, onuň esasy maksady ýaşlaryň örän uly kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna gönükdirilen demografik we durmuş syýasaty ýaly ählumumy meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Şeýle hem munuň özi Türkmenistanyň hemmeler üçin netijeli we durnukly ösüşi, parahatçylygy üpjün etmek, BMG we ilkinji nobatda, BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde hereket etmäge taýýardygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyzda Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ýaşlar syýasaty boýunça maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ýene bir möhüm başlangyç Ministrler Kabinetinde döredilen Ýaşlar syýasaty bölümine degişlidir. Mälim bolşy ýaly, bu bölüm öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylyşyny hem-de durmuşa geçirilişini utgaşdyrýar. Türkmenistanda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Kanunyň hem uly ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň mümkinçiliklerini giňeltmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleri yzygiderli üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag Prezidentimiz ýaşlaryň hakyky watançylyk, ýokary ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklar, parasatly däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylyk ruhunda terbiýelenilmeginiň möhümdigini nygtaýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda öňdebaryjy ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, gurluşykda, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanan, Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, beýik özgertmeleri, taryhy ähmiýetli, şanly wakalary halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary we ýaşlaryň döredijilik toparlaryny Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglamak babatda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýän ýaşlar ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — 1991-nji ýylyň noýabrynda döredilen iri jemgyýetçilik guramasy bolup, öz hatarlarynda türkmenistanlylaryň 900 müňden gowragyny birleşdirýär. Ýaşlar guramasynyň hataryna ösüp gelýän nesilleriň gujurly hem-de döredijilikli wekilleriniň barha köpsanlysynyň goşulýandygyny bellemek ýakymlydyr. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmekde hem-de döredijilikli başlangyçlaryny öňe ilerletmekde Ýaşlar guramasynyň orny uludyr. Bu jemgyýetçilik guramasy ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin zerur şertleri döretmäge, olarda ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlar meselelerine, onuň halkara ösüşindäki ornuna bagyşlanan birnäçe anyk çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadag Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ykdysady we durmuş abadançylygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ýaş nesilleriň bilimine, iş we ýaşaýyş şertlerine, saglygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge, şeýle hem olaryň hukuklaryny goramaga oňyn mümkinçilik berýär. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen il-ýurt bähbitli çözgütler hem halkymyzyň, şol sanda ýaşlaryň şu günki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän taýsyz aladasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Süleýman DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

“Nesil” gazeti,

14.11.2017ý.

Meňzeş habarlar