TÜRKMEN BILIMI WE SPORTY HALKARA GIŇIŞLIGINDE

Noýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara forumyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinden we dünýä döwletlerinden bilim we sport edaralarynyň wekilleriniň onlarçasy gatnaşdy. Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen sergi baýramçylyk ruhuna we maglumat baýlygyna eýe bolup, aýratyn bezegi we özüne çekiji gurnalyş häsiýeti bilen tapawutlandy. Iki günläp dowam eden serginiň çäklerindäki ylmy maslahatyň tejribeleri artdyrmakdaky ähmiýeti, täsiri we netijeliligi dogrusynda biz hem sergä gatnaşan ýaşlaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.

Azat ATAÝEW,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň

Ýaş alymlar merkeziniň başlygy:

— Bilim — ýurdumyzyň barha kämilleşýän we ýokary netijeleri görkezýän ulgamy. Munuň şeýledigini, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýokary derejede ösdürilýän ylym-bilimiň soňky gazananlaryny açyp görkezýän şu forumyň özi hem aýdyň görkezýär. Sazlaşykly özgerişe eýe bolýan bilim we sport berkarar döwletimiziň ýaş nesliniň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýär.

Şu günki günde milli bilim ulgamynyň öňdebaryjy tejribelerini, ýeten sepgitlerini, geljek maksatlaryny aýdyňlaşdyrýan serginiň düzüminde ulgamyň iň ýokary görkezijileri ýerleşdirildi. Bu ýerde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, okuw merkezleriniň we ylmy-barlag institutlaryň ençemesiniň alyp barýan işleri hem-de oňat netijeleri bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň bir ýere jemlenip, özara tejribelerini paýlaşmakda we täze tilsimatlaryň işi bilen tanyşmakda ähmiýetli bolan serginiň dowam eden günlerinde ylmy maslahatyň geçirilmegi-de bellärliklidir. Sebäbi bu forumyň geçirilişini we netijelerini seljermekde, geljekde bilimiň we sportuň ösdürilmegi üçin öňde durýan wezipelere ser salmakda, halkara tejribesini utgaşykly peýdalanmagy dowam etmekde, iki ulgamyň hem jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmakda amala aşyrylýan işler dogrusynda söhbet açýan ylmy çykyşlar b

aý many-mazmuna ýugrulan.

Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Arkadag Prezidentimize çäksiz uly sagbolsun aýdýarys.

Laçyn BADAGLYÝEWA,

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby,

Türkmenistanyň at gazanan sport ussady:

— Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň täsirli wakasy hökmünde bellenilmäge mynasyp bolan şu ajaýyp halkara sergä türkmen türgeni hökmünde gatnaşmak örän buýsançly. Ýüzlerçe tomaşaçyny bir ýere jemlän bu ähmiýetli foruma dünýäniň ençeme döwletlerinden ady belli sport ýyldyzlary, bilim işgärleridir tejribeli hünärmenler, bu ugra degişli işewürler we önüm öndürijiler geldi. Munuň özi bolsa türkmen biliminiň we sportunyň älem giňişligindäki ornuny görkezýär.

Biz sergide ylym-bilim we sport ulgamlarynyň täze taslamalary we geljekdäki meýilleri bilen ýakyndan tanyşdyk. Sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda geçirilen “Aşgabat 2017-niň” üstünliklerini beýan edýän, ýurdumyzyň sport gaznasyna degişli bolan gymmatlyklar sergä çykaryldy. Türgenleşik we saglygy dikeldiş enjamlarynyň täze görnüşleri bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa serginiň mazmunyny has-da artdyryp, gelenlerde uly täsir galdyrdy. Biz — ýaş türgenler Arkadag Prezidentimiziň berýän goldawyna jogap edip, ýene täze ýeňişlere tarap gadam urarys.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni:

— Bu günki günde sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ähli halkymyza görelde bolýan mähriban Arkadagymyzyň aladasy bilen geçirilýän bu serginiň ähmiýeti uludyr. Sebäbi bu forumSagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň iň iri wakasy hökmünde taryha giren Aşgabat Aziadasynyň täsiriniň egsilmeýän pursatlary bilen utgaşýar. Ýokary derejä we kämil guramaçylyga beslenen bu sergide sport ulgamynyň täze gazananlary aýdyň görkezilýär. Çünki häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan işleri açyp görkezmäge, gazanylan sport üstünliklerini mahabatlandyrmaga juda zat köp. Sergide türgenleşik enjamlary, sport lybaslary, medallaryň toplumy, dürli şekilli görnüşler we beýlekiler bar. Köp adamly sport çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyryp, işjeňligi ýokarlandyrmaga we ruhubelentligi berkitmäge şert döretdi.

Bu ýerde sport ulgamynyň hünärmenleri, tälimçileri we sport ussatlary jemlenip, Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabyna salgylanyp, ylmy çykyşlary taýýarladyk.

Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

Taýýarlan Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzasy.

“Nesil” gazeti,

11.11.2017ý.

Meňzeş habarlar