SPORT — SAGLYK

Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sporty ýokary derejede ösdürmek boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmäge uly itergi berýär.

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda edilýän alada hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Saglygy goraýyş, bedenterbiýedir sport döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ulgam bolup durýar.

Eziz Diýarymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösdürmegiň usullarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ol öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere esaslanýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy ahyrky netijede adamlaryň durmuş derejesini ajaýyp türkmen tebigaty, ýurdumyzyň daşky gurşawy we gülläp ösmegi bilen sazlaşykda ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň ýokary ahlakly, beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi, döwrebap, ýokary hilli bilim almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin möhüm şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Çünki milli Liderimiz: “Beýik maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere we üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar” diýip, nesihat edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdildi. Ýurdumyzda täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi milletiň saglygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu günki gün paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze saglygy goraýyş we sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi halkymyzyň saglygy barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine şaýatlyk edýän subutnamadyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport hereketi görlüp-eşidilmedik uly gerime eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe, saglyk we sport çärelerine watandaşlarymyzyň müňlerçesi, şol sanda ýaşlar hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şeýle giň möçberli sport çäreleri sportuň dünýäde meşhur görnüşlerini ösdürmäge, oňa ýaşlary höweslendirmäge, bar bolan düzümi döwrebaplaşdyrmaga hem-de halkymyzy köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.

Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we asylly milli ruhy-ahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Arkadag Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemra edinýärler. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişiň guralmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda her bir ynsanyň saglygynyň, hut şonuň ýaly-da ähli ilatymyzyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek bilen bagly çärelere badalga berende, ata-babalarymyzyň şol gadymy ýörelgesine eýerýär. 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi hem, Türkmenistanda ynsan saglygyna aýratyn ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak bilen bagly alnyp barylýan işler sanardan kän.

Halkymyz ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyny belleýär. Her bir maşgalanyň sagdynlygy jemgyýetimiziň mizemez binýadyny üpjün edýär, çünki jemgyýet hem uly göwrümli maşgaladyr.

Ýurdumyzda sporty ösdürmäge, ilaty köpçülikleýin sporta çekmäge uly üns berilýär. Çünki sport ruhubelentligiň we sagdynlygyň nyşany hökmünde beýleki durmuş özgertmeleri üçin hem hereketlendiriji güýje öwrülýär. Berkarar döwletimizi sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrap geňeşiniň hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

09.11.2017ý.

Meňzeş habarlar