ARKADAGLY NESIL — MERDANA NESIL

Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz aladasy bilen gurşalyp alnan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň altyn ýaşlary bilimde, sportda, döredijilikde hem halal zähmetde taplanyp, mert pederlerimiziň bize galdyran edermenlik ýoluna mynasyp merdana nesiller bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwlet derejesinde guralýan döredijilik bäsleşikleri ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolýar. Bagtyýar çagalygyň, iň uly arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde arzylanýan Türkmenistan Watanymyzda çagalaryň we ýaşlaryň bagtyýar ösmegi, hemmetaraplaýyn kämilleşmegi, özünde bar bolan döredijilik ukyp-başarnygyny doly açmagy üçin ähli şertler döredilýär. Olardan ylham alýan nesiller bilimde, sungatda, asylly zähmetde tapawutlanyp, uly at-abraýa eýe bolýarlar.

Her ýylda yzygiderli geçirilýän, döwrümiziň ajaýyp däpleriniň biri hasaplanýan “Merdana nesil” atly şadyýan bäsleşik hem mekdep okuwçylarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Bu bäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçylarynyň arasynda özüniň göreldeli edebi, sapaklara ýokary derejede ýetişigi, bilimlere teşneligi, zähmetsöýerligi hem ugurtapyjylygy bilen öňe saýlanýan oglanlar gatnaşýarlar. Çagalaryň ruhy-aň taýdan ösmegi, ahlak-edep taýdan kämil bolmagy ugrunda amala aşyrylýan işleriň beýany bolan bu şadyýan bäsleşigiň her ýylda kämil guramaçylyk derejesinde geçýändigi ýaşlaryň aňynda watançylyk duýgularynyň çuňdan ornandygyna şaýatlyk edýär.

Bäsleşik kiçi ýaşly oglanlaryň merdana pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluna, synmaz mertlik ruhuna, halkymyzyň köpasyrlyk dessurlaryna, arkama-arka mynasyp dowam edip gelýän asylly däplerine bolan hormatyny terbiýelemek maksady bilen yzygiderli geçirilýär. Şonuň ýaly-da, bu şadyýan bäsleşik ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dostluk-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, il içinde at-abraý getirýän kesp-kärleri öwrenmek ýaly asylly ýörelgeleri pugta ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirýän “Merdana nesil” atly şadyýan bäsleşigi şanly Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edildi. Häzirki günlerde bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat derejesindäki saýlama tapgyrlary ýokary guramaçylykda dowam edýär. Hepdäniň sişenbe güni paýtagtymyzyň nusgalyk bilim ojaklarynyň biri bolan “Bagtyýar nesiller” ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda “Merdana nesil” bäsleşiginiň Aşgabat şäheriniň Arçabil etraby boýunça saýlama tapgyry geçirildi. TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap geňeşiniň işjeňleri tarapyndan guralan bu bäsleşige etrabyň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň 7-sine wekillik edýän zehinli çagalar işjeň gatnaşdylar.

Düzgünnamanyň şertlerine laýyklykda ýaşajyk zehinler halkymyza mahsus bolan watançylyk, gahrymançylyk, merdi-merdanalyk ýaly synmaz ruhly nesilleriň nusgalyk häsiýetlerini çeper sözde wasp etdiler. Olar bezemen sahna çykyp, tämiz ruhy gözbaşlara goýýan belent sarpasyny, ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Degişme sahnada çykyş etmek gezegi ýetende hem mekdep okuwçylary özüniň çäksiz ugurtapyjylygyny, hoşsözlülik, şahandazlyk, alçaklyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini görkezip, köp sanly tomaşaçylara ýatda galyjy şadyýan pursatlary bagyşladylar. Bäsleşigiň 3-nji şertinde zehinli ýaşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýaraşyk berýän beýik işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy taryplap, ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Eminleriň biragyzdan çykaran netijesine laýyklykda Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebiniň okuwçysy Sanjar Täçmuhammedow, 70-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammet Didarow we 76-njy orta mekdebinde bilim-terbiýe alýan Ibragim Abajyýew dagy bäsleşigiň etrap saýlama tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bu okuwçy oglanlar “Merdana nesil” şadyýan bäsleşiginiň geljekki tapgyrlarynda özleriniň zehinli deň-duşlary bilen ýeňiş gazanmak ugrunda çekeleşikli hem diýseň gyzykly çykyşlary dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

Şirin MIRMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

09.11.2017ý.

Meňzeş habarlar