ÝAŞLAR SYÝASATY: WATANSÖÝÜJILIK, BAGTYÝARLYK WE ROWAÇLYK

Ýurdumyzyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil, watansöýüji ýaşlary terbiýelemek meselelerine, bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine berýän ägirt uly ünsüne, ýadawsyz aladasyna şaýatlyk edýän şanly wakalardan doly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygynyň, eşretli durmuşynyň we ýurdumyzyň röwşen geljeginiň bähbidine alnyp barylýan giň gerimli işleriň ählisi nesiller üçindir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler otagynda "Ýaşlar syýasaty: watansöýüjilik, bagtyýarlyk we rowaçlyk” ady bilen tegelek stoluň başynda geçirilen duşuşygyň temasy hem ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegi we döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin döredilýän zerur şertler barada boldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, Hormatly il ýaşulusy Atajan Burunow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň 3-nji ýyl talyby, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň altyn medalynyň eýesi Mekan Nurjikow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň ylmy işgäri we ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Göwher Gelenowa hem-de beýleki köpsanly ýaşlar gatnaşdylar.

— Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler mukaddeslik hasaplanýar. Şonuň üçin hem biz Watanymyzy başymyza täç edip, üstünliklerimize, eşretli durmuşymyza guwanýarys...

G.ŞAGULYÝEWA: — Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleriniň özeninde halkymyzy jebisleşdirýän, bir maksada gulluk etmäge — agzybir, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamaga çagyrýan, tutanýerli, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýan Arkadag Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, ýiti paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty bar. Ösüşlerimiziň esasy maksady berkararlyk binýadymyzy berkitmekden, halkymyzyň durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny arşa götermekden, şeýle hem kämil ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybarat.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur" hem-de “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" atly täze ajaýyp kitaplarynyň elimize gowuşmagy biziň her birimiz üçin uly sowgat boldy. Munuň özi ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, türkmen halkynyň edebi-ruhy we taryhy gymmatlyklaryny wagyz etmek, hoşniýetli halkara gatnaşyklary ösdürmek babatda ädilen nobatdaky möhüm ädimdir.

A.BURUNOW: — Hormatly Prezidentimiziň eserlerindäki pikir-garaýyşlar, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň durmuş ýörelgesine we pelsepesine öwrüldi. Milli Liderimiziň ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary häzirki we geljekki nesilleriň ruhy gymmatlygydyr.

— Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, ýaşlaryň bolelin durmuşda ýaşamagy, ruhubelent dynç almagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän oňyn şertler barada siziň pikiriňizi bilmek has gyzykly.

S.DURDYÝEW: — Hormatly halypalar gaty dogry bellediler, mähriban Prezidentimiziň öçmez-ýitmez eserleri hem, durmuşa geçirýän beýik işleri hem ýaş nesillerde ruhy gözellik hem-de täze üstünliklere hyjuw döredýär. Olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegine, geljekde saýlajak kärini we hünärini söýmegine ýardam edýär.

G.ŞAGULYÝEWA: — Golaýda Ahal welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda täze döwletli çözgütleriň kabul edilmegi ýurdumyzyň beýik ösüş ýoly bilen öňe gitmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine örän uly ähmiýet berdi. Bu ählihalk forumynda 2018-nji ýyly “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" diýip atlandyrmak hakynda degişli resminamanyň kabul edilmegi türkmen döwletini we jemgyýetini has-da ösdürmäge, ýurdumyzyň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen möhüm çäredir. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň, ähli döwürlerde bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem halklary birek-birek bilen dostlaşdyrmagyny, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dowam edýändigini tassyklaýar.

Özüň bilen bagtyň gujagna geldik,

Barlygyň, abraýyň dünýäde bellik.

Mümkin zat däl,

Seni söýmän bilmezlik,

Halk ýar Saňa,

biz bar Saňa, Arkadag!

Dost-dogan, ýakynlar ýagyp dur bäri,

Diýýärsiň bu işler başlangyç häli.

Ne ajap köňlüňiň hyýaly, päli,

Ömür Saňa,

müň sal Saňa, Arkadag!

A.BURUNOW: — Ýaşulularyň maslahatynda hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginde, ýurdumyzyň ösüşiň täze sepgitlerine çykmagynda aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Türkmenistan ýaşlaryň we ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen ýurdudyr. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.

S.DURDYÝEW: — Arkadag Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Talyp joşguny", “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary", “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri", “Talyp gözeli", dokmaçy gyzlaryň arasynda geçirilýän “Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli", mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Iň eýjejik gyzjagaz", “Merdana nesil", “Bagtyýarlyk döwrüniň çeper keşbi", “Bagtyýarlyk döwrüniň ylham joşguny" ýaly bäsleşikler, şeýle hem ýaş estrada we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy" bäsleşigi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende, Garaşsyzlygyň şanly 26 ýyllyk toýy mynasybetli hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde aýdym-sazly dabaralaryň we bäsleşikleriň geçirilendigini aýdasym gelýär. Bu baýramçylyk dabaralarynda ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda we tanslarynda bagtyýarlyk döwrümize, Arkadag Prezidentimize, merdana halkymyza bolan buýsanç öz beýanyny tapdy.

— Mälim bolşy ýaly, "Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy" ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirildi...

G.GELENOWA: — Dogry aýdýarsyňyz, ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy üçin edilýän işler bimöçber. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda" göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, şeýle hem 2016-njy ýylda geçirilen Ýaşlar maslahatynda milli Liderimiziň ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini, ylym we bilim edaralarynda Ýaş alymlaryň geňeşlerini döretmek we onuň işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Ýaş alymlar merkezini döretmek wezipe edilip goýuldy.

Şeýlelikde, şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy, şeýle hem ýolbaşçy düzümleri saýlanyldy. Munuň özi döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýolunda örän möhüm wakadyr.

S.DURDYÝEW: — Ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi guramak maksady bilen, ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmegi we durmuşa geçirilýän beýleki çäreler Diýarymyzda ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde örän jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Ýaş alymlary ýetişdirmekde alnyp barylýan ägirt uly işleri utgaşdyrmak üçin hormatly Prezidentimiz “Ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasyny" döredip berdi. Ol ýaşlary maddy we maliýe tarapdan goldamak boýunça wezipeleri çözmäge degişli bolup durýar...

— Ýaşlar syýasatynda göz öňünde tutulýan wezipeler diňe ylym-bilim bilen çäklenmeýär, eýsem ol ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmegi hem maksat edinýär...

M.NURJIKOW: — Milli Liderimiz sagdyn jemgyýeti gurmagyň döwletimiz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýandygy barada aýdýar. Şonuň üçin jemgyýetiň wezipesi adamlarda çagalykdan başlap sport bilen meşgullanmak endigini döretmek, netijede bolsa saglygy, ruhubelentligi, erk-islegi berkitmek örän möhüm bolup durýar. Milletiň beden we ruhy taýdan sagdynlygy hakynda alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesini amala aşyrmak boýunça giň gerimli işleriň möhüm bölegidir.

Türkmenistanda halkara derejesindäki iri ýaryşlary geçirmek, sporty ösdürmek babatda ýurdumyzyň hyzmatlarynyň bütin dünýäde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Munuň şeýledigini Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda çözgüdi hem tassyklaýar. “Aşgabat 2017" oýunlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Merkezi Aziýada iri Olimpiýa şäherçesinde üstünlikli geçirildi. Bu halkara sport çäresinde türkmenistanly türgenleriň şowly çykyş etmegi Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli ýaş türgenleri ýüze çykarmak barada edýän aladasynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Biz — ýaş türgenlere Arkadag Prezidentimiziň Şa sowgatlarynyň gowşurylmagy ýüregimizi joşdurýar, buýsanjymyzy artdyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

— Sport, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak Arkadag Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri...

G.ŞAGULYÝEWA: — Häzirki ýaşlar halkymyzyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegini üpjün etmeli ýaşlardyr. Olar hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenýärler. Bu merdanalyk mekdebi şu günüň we geljegiň mizemejek binýadydyr. Bu binýat — bagtyýar durmuşyň, röwşen geljegiň binýady.

Döwrüm, tylla seçegiň,

Başda Merdiň-Gerçegiň.

Bardyr,

altyn geljegiň,

Buýsançlydyr başlar, heý.

Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjilik, ruhubelentlik, halallyk, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgeleri ýaş nesiller üçin beýik mekdepdir. Bu döwre buýsanmak şöhratly taryhyňa, üstünlikli ösüşiňe, beýik geljegiňe buýsanmakdyr.

S.DURDYÝEW: — Ýaş nesilleriň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edýän aladasy üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Aknur ATAÝEWA,

“Nesil” gazeti,

07.11.2017ý. 

Meňzeş habarlar