Kuwwatly geljegi üpjün etjek ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde orta çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň kämil keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Ýaşlar baradaky alada milli Liderimiziň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, milli ruhda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän tehnologiýalardan baş çykarýan bilimli adamlar edip ýetişdirmek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň baş maksatlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň geljeginiň ygtybarly gollarda bolmagyny gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlarynyň ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmakdyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan öňe süren taglymaty hökmünde bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatdaky tutumly işleri yzygiderli dowam etdirilýär.
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň arasynda ahlak-ruhy galkynyşy üpjün etmek, watançylyk duýgusyny ösdürmek türkmen geljeginiň bagtyýarlygyny kepillendirýär. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi, şol sanda bilim we sport babatda, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meseleside hemişe üns merkezinde saklanylýar. Milli Liderimiz ýaşlaryň ähli ugurlarda dünýäniň ýaşlaryndan asgyn bolmazlygy, oňyn işleriň ählisi babatda olar bilen bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün etmäge aýratyn uly ähmiýet berýär we onuň bilen birlikde sporty hem-de bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary ilkinji nobatda çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge, berk bedenli türkmen neslini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň baş çeşmesidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaş nesli bilen baglanyşdyrylýar. Çünki ýaş nesil çäksiz güýç-kuwwatyň, aň-düşünjäniň we ýiti zehiniň daragtydyr. Ol daragtyň miwesi ýurduň dowamatydyr. Hut şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ýurduň ýaş nesline ynamly bil baglap «Ýaşlar esasy aladam” diýen taglymaty öňe sürýär.
Mälim bolşy ýaly, adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem nesil terbiýesi her bir maşgalanyň, milletiň, döwletiň öňündäki baş wezipe, esasy alada hasaplanylýar. Parasatly pederlerimiz bu ugurda baý durmuş tejribesini toplapdyrlar. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan şol gymmatly tejribesi bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Milli Liderimiz: «Biz bu gün merdana pederlerimiziň “Çagany ýaşdan, edebi — başdan”, “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen ýaly ruhy güýç berýän ýörelgelerinden ugur alyp nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris. Biziň bu ugurdaky baş maksadymyz köp asyrlaryň dowamynda durmuş şertleriniň hem-de taryhy tejribeleriň esasynda kämilleşen milli ýörelgelerimize esaslanyp, belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly aň-düşünje babatda kämil, Watanyň gaýratly, päk wyždanly, zähmetsöýer ogullaryny we gyzlaryny ýetişdirmekden ybaratdyr” diýip belleýär.
Dumly-duşdan dürli habarlaryň, maglumatlaryň giň gerimde ýaýraýan zamanynda, öz milliligiňi ýitirmän saklamak, milli we ahlak gymmatlyklary goramak ata-babalarymyzyň watanperwerlik we adamkärçilik ýoluna wepaly bolmak zerur. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ahlak gymmatlyklaryna uly üns bermegi tötänlik däl. Türkmeni millet hökmünde beýiklige galdyrýan bu gymmatlygy özgerip duran häzirki zaman dünýäsinde aýratyn alada bilen gurşamak zerurlykdyr. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, tehniki tilsimatlarynyň ösmegi bir tarapdan dünýäniň täzeliklerini, ajaýyp, geň-täsin zatlaryny, ylmy açyşlary dessine bilmäge mümkinçilik döretse, beýleki bir tarapdan dürli mazmunly habarlaryň, milli ruha, aňa nälaýyk gelýän mawy ekran eserleriniň köpelmegi sagdyn jemgyýete ýaramaz täsirini ýetirýär.
Milli Liderimiziň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri hökmünde ahlak meselesini saýlap almagy ahlak terbiýesiniň halkyň genofonduny arassa saklamakda uly ornunyň bardygyny subut edýär. Munuň özi biziň ýurdumyzda edep-terbiýä nähili uly üns berilýändigini görkezýär. Häzirki zaman ösen jemgyýetçilik dünýäsinde mawy ekransyz oňmak mümkin däl, emma ol ýerde goýberilýän gepleşikleriň sagdyn paýhasa we terbiýä laýyk gelmelidigi hökmany. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, milli we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna sarpa goýulýan ýurdumyzyň ähli teleýaýlymlarynyň adamzat bähbitli wezipäni ýerine ýetirýändigini görmek bolýar. Merdana ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda nesil terbiýesine uly üns berip, öz perzentlerini ene göwresindekä terbiýelemäge girişipdirler. Çagalar bagyndan başlap, mekdep partasynda oturan ýaş ynsanyň geljekki durmuşyna täsir edip biljek gylyk-häsiýetler kemala gelip başlaýar. Şol sebäpden mekdep okuwçylarynyň, esasan-da, ýetginjek ýaşyndakylaryň terbiýesi aýratyn üns merkezinde saklanylmaly. Bu ugurda ene-atalaryň, mekdepleriň, hukuk goraýjy edaralaryň hyzmatdaşlykda işlemekleri has-da göwnejaýdyr. Ýetginjekoglan-gyzlaryň beýnisinde çylşyrymly hadysalaryň bolup geçýän döwründe diňe bir olaryň hereketlerine gözegçilik etmek, olardan özüňi düzgün-nyzamly alyp barmagy talap etmekden başga-da, olaryň içki dünýäsinde bolup geçýän hadysalara düşünmek zerur. Ýurduň ykbalyny bagtyýar geljege alyp gitjek ýaşlaryň sagdyn terbiýesi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baş maksat — ösüp gelýän ýaş nesillerde beden hem ahlak arassalygyny, ruhy sagdynlygy goramakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak babatda ýaş raýatlara ýardam etmek milli kanunçylygymyzda hukuk taýdan berkidilen. Saglygy goramak we howply keselleriň öňüni almak babatda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak dürli ugurlar boýunça taslamalary öz içine alýan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň şäherlerinde, obalarynda sport mekdepleriň, stadionlaryň gurulmagy, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapaklarynyň okadylmagy, sporta döwlet derejesinde üns berilmegi ýaşlaryň berk bedenli halka gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän şertleriň örän sada delilleri. Ýaşlaryň ruhy baýlygyny ösdürmek, edebi dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde, etraplarda, obalarda kitaphanalaryň açylmagy ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly zatlara sarp etmegine, asyrlaryň dowamynda adamzadyň ýakyn hemrasy, ruhy taýdan iýmitlenmegiň baş çeşmesi bolup hyzmat eden kitaba hormat-söýgi duýgusyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň çäginde elektron kitaphanalaryň hem bolmagy tehnologiýanyň ösýän zamanynda ýaşlara döwrüň gazanan serişdelerinden haýyrly maksatlar üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde bilim ojaklaryny tamamlan ýaşlara durmuşda öz orunlaryny tapmaga ýardam etmek, mynasyp kärleriň eýesi bolmaklaryna şert döretmek hem döwrüň öňde goýýan wajyp wezipeleriniň biridir. Hünär bilimini alan, durmuşyň ýaňy başlangyjynda duran oglan-gyzlar üçin ömrüň iň bir hyjuwly, joşgunly ýyllaryny ýurt üçin, il üçin peýdaly işlere sarp etseler maksadalaýykdyr.
Ýaşlykdan zähmet ýoluna düşen ynsanlarda bolsa her bir edýän işiňe jogapkärçilik, jemgyýetiň öňünde öz borçlaryň hakynda çuňňur pikirlenmek duýgulary ir kemala gelip başlaýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň günsaýyn artýan döwründe bu işleriň amala aşyrylmagy üçin bolsa ähli şertler bar. Biz özümiz hakynda edilýän aladalary duýup, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşmaga çalyşýarys we eziz Arkadagymyza köňül törümizden arzyly alkyşlarymyzy aýdýarys.
Soltangeldi BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň başlygy.
“Nesil” gazeti,
04.11.2017ý.