TÜRKMENISTAN – RUHUBELENTLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ ÝURDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda sport çäresi geçirildi.

Ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen guralan futbol ýaryşy diýseň gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen sportuny ösdürmek ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Guwanç ÝAZHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmengala etrap

Geşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar