OWAZASY DÜNÝA ÝAÝRAN TÜRKMEN BEDEWI

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler jaýynda «Galkynyş» milli at üstündäaki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynyň Baş baýragyna eýe bolmagy mynasybetli Lebap welaýat Geňeşiniň hünärmenleriniň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Owazasy dünýä ýaýran türkmen bedewi» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler buýsançly çykyşlarynda Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler, şol sanda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlodaky halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşi dogrusynda täsirli belläp geçdiler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak, şeýle-de atly sporty, sirk sungatyny ösüşiň täze derejelerine çykarmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

 

Aziz ROZMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 102 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

31 Ýanwar 2025 | 68 okalan

MILLI MIRASYMYZYŇ SÖNMEZ ŞAMÇYRAGY

31 Ýanwar 2025 | 69 okalan

ÝAŞLARYŇ KÄMILLIK ÝOLY