ÝAŞLARYŇ KÄMILLIK ÝOLY

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramagynda Saýat etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň kitaphanasynda ýokary synpda okaýan okuwçy oglan-gyzlaryň we zehinli ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen «Kitap okan  gullar manydan dokdur» ady bilen çeper okaýyş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinden okalan jümleler has-da täsirliligi bilen tapawutlandy.

Duşuşyga gatnaşanlar bagtdan paýly halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýjan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI