MILLI MIRASYMYZYŇ SÖNMEZ ŞAMÇYRAGY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň iň bir owadan künjekleriniň biri bolan «Balsaýat» toý mekanynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň we medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda ýaş nesillerimizde ene-mamalarymyzdan biziň günlerimize çenli dowam edip gelýän türkmen milli el işlerimize bolan söýgini, gyzyklanmany has-da artdyrmak maksady bilen, «Milli mirasymyzyň sönmez şamçyragy» atly üme däp-dessuryny ýerine ýetirmek boýunça aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň uzak taryhyndan habar berýän, ene-mamalarymyzdan miras galan dürli el işleri gyz-gelinlerimize nusgalyk bolup dowam edip gelýändigi, gelin-gyzlarymyzyň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň hünärinden dörän el işleri türkmen zenanlarynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýandygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Medeniýet we sungat işgärleri milli el işlerimizi wasp edýän aýdymdyr sazlary, folklor çykyşlary bilen ümä gatnaşan gyz-gelinlerimize ruhy lezzet paýladylar. Ümä üýşen mährem zenanlarymyz milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýüzüne äşgär etmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulnäz NEPESOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

 işgärler işi boýunça baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 102 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

31 Ýanwar 2025 | 68 okalan

MILLI MIRASYMYZYŇ SÖNMEZ ŞAMÇYRAGY

31 Ýanwar 2025 | 69 okalan

ÝAŞLARYŇ KÄMILLIK ÝOLY