TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýylyň nyşanynyň tassyklanmagy mynasybetli Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Seýidowa Bahar Hojamyradownanyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Berdiliýewa Oguljennet Kakadurdyýewnanyň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň gatnaşmaklarynda maslahat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna, şeýle-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanyp geçirilýän bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary, il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri hem-de bilim, medeniýet we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Täze ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň çuňňur syýasy mazmunyny açmaklyga we wagyz etmeklige bagyşlanan maslahat guramaçylykly hem-de işjeň ýagdaýda geçirildi.

 

Akmyrat NIKOLAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 102 okalan

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT DUŞUŞYGY

31 Ýanwar 2025 | 68 okalan

MILLI MIRASYMYZYŇ SÖNMEZ ŞAMÇYRAGY

31 Ýanwar 2025 | 69 okalan

ÝAŞLARYŇ KÄMILLIK ÝOLY