Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrümiziň her bir güni göwün galkyndyryjy wakalara baý bolup her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny oýarýar. Her täze gün öňki günüň dowamaty şonuň bilen birlikde öňkülerden has-da zyýadalygy bilen tapawutlanýar, çünki amal edilýän işler, ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler bu gadymy topragyň üstünde jahana ýaň saljak taryh ýazylýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda, Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet öýüniň berkararlyk otagynda «Şu güne buýsanç – ertire ynam» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphana işgärleri mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Saýat etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Tawus Haýdarowa, Saýat etrabynyň Sakar şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gözel Mämedowa dagylar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada, şeýle hem 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip at dakylmagynyň ähmiýeti barada mekdep okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa ýaşlarymyzyň geljegi üçin ajaýyp zamanany peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Nursoltan MAKSUDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.