PARAHATÇYLYK ABADANÇYLYK MIZEMEZ ÖSÜŞIŇ BERK BINÝADYDYR

Ýakynda Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Parahatçylyk, abadançylyk mizemez ösüşiň berk binýadydyr» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar hem-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi diýip bellediler. Ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri üçin döwlet baştutanymyza hoşallyk beýan edilip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly sepgitler we beýik ýeňişler bilen şöhratlandyryljakdygyna ynam bildirdiler. Dabaraly maslahatda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylara ýakymly pursatlary bilen utgaşdy. Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza çäksiz buýsançlar öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI